TÜRKMENISTANYŇ DEMIR ÝOL ULAGLARY MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI DEMIR ÝOL ULAGLARY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2026/2027-nji okuw
ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul  edýär:

 1. Demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk.

 2. Ulaglarda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak.

 3. Demir ýollarynyň gurluşygy, ýollar we ýol hojalygy.

 4. Lokomotiw hojalygy.

 5. Wagon hojalygy.

 6. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.

 7. Kompýuter ulgamlary we toplumlary.

         8.Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.    

Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimden pes
bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň  raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri
boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl.

Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp
barylýar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat
şäherinde  2026-njy ýylyň  13-nji iýuly 17-nji awgusty   aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen
nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky
resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan
bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy (dalaşgärler Aşgabat şäherindäki 5-nji
saglyk öýünden  geçýärler);

— ýaşaýan ýeri boýunça neşekeşligiň, arakhorlugyň we
ruhy keselleriň öňüni alyş merkezinden kepilnama;

— soňky okan ýerinden
(işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga
boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki
sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin
zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri
boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara
bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary
tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da,
okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde,
resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny
tabşyrýarlar:

—  pasportyny;

— harby
şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy 
hakynda   şahadatnamasyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz
we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny
tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar
we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat şäherindäki demir
ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde 
2026-njy ýylyň awgust aýynyň  20-21-si,
23-i we 24-i günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça
fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň
okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä
gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky
synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we
talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan
“Bilim hakynda”
Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk
gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

 Türkmenistanyň Demir 
ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta
hünär okuw mekdebiniň salgysy:
  Aşgabat şäheri, 2035-nji (Kemine) köçe, 84,
tel.: 94-31-47.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27